TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaba ýene bir ýagynly hepde aralaşýar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2… +7 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl bolar.