Lebap welaýatynyň oba hojalyk zähmetkeşleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Jhon Deere» kompaniýasynyň «M732i» kysymly ýokary öndürijilikli pürküji tirkegleriniň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Täze tirkeg ekin meýdanlaryna suwuk görnüşinde dökün bermeklige, ýagny, ekinleri
ýapragyndan iýmitlendirmeklige, şeýle hem ekinleriň zyýankeşlerine garşy derman serişdelerini ulanmaklyga niýetlenilýär.
Kämil pürküji tehnikalaryň iş aýratynlyklaryny öwrenmek maksady bilen ýörite okuw maslahaty hem guraldy. Oňa welaýat «IPC agri» bilelikdäki kärhanasynyň merkezi edarasynyň, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine we welaýatyň oba hojalyk ulgamyna degişli hünärmenleriň, daýhan birleşikleriniň agronomlarynyň, ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleriniň, tejribeli mehanizatorlaryň uly topary, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çärjew etrabynyň Jumaguly Hekimow adyndaky daýhan birleşiginiň gowaçaly meýdanlarynda kämil tehnikalaryň işleýişleri gözden geçirildi.
Kämil pürküjiler «Jhon Deere», «Claas», «MTZ» ýaly oba hojalyk tehnikalaryna tirkelip, sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrylyp görkezildi. Tirkegiň iş gerimi 24 metre barabar bolup, ol pürküji enjamlaryň kömegi bilen ekin meýdanynyň ýagdaýyna görä 24, 18, 12, 6 metr inlilikde ideg edilýän ekinlere ýörite taýýarlanylan dökünli ýa-da zyýankeşlere garşy ulanylýan suwuklygy dürli
basyşlarda tozanlandyryp pürküp bilýär. Täze tirkegleriň ýene-de bir oňaýly tarapy olaryň tekerleriniň aralygynyň ekinleriň 60, 75 we 90 santimetr hatarara inine laýyk üýtgedilip bilinýänligidir.
Lebaba täze oba hojalyk tehnikalary geldi

11
Jun