JEMGYÝET

Lebaba täze kitaplaryň uly topary geldi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy.

Kitaplaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdaryň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň bolmagy okyjylary begendirdi.

Şeýle-de Almaz Ýazberdiýewiň «Türkmenistanyň ýazuw ýadygärlikleri we kitap medeniýeti» atly kitaby we Feridetdin Attaryň «Gündogar ummanynyň dürleri» atly kitaby bar.

Kitaphana gelen täze kitaplaryň umumy sany 955 sany boldy. Bu kitaplaryň 140 sanysy welaýat kitaphanasynyň gaznasyna ýerleşdirilip, galanlary bolsa welaýatymyzyň şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy.

Täze kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda ýerleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: