JEMGYÝET

Lebaba suw hojalygy tehnikalarynyň täze tapgyry geldi

«Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyk» dolandyryş kärhanasyna Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui» kompaniýasynyň önümi bolan kämil tehnikalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Bu tapgyryň düzüminde susgujynyň göwrümi 0,43 kub metrden 1,05 kub metre çenli ýetýän ekskawatorlaryň 28-si we kuwwaty 162 at güýjüne barabar bolan buldozerleriň 7-si bar. Bu tehnikalar suw hojalyk gurluşyklarynyň hilini ýokarlandyrmaga we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Mundan başga-da, kärhananyň tehnika parky SITRAK kompaniýasynyň önümleri bolan hyzmat ediji awtoulag, wahta awtobusy, ýangyç guýujy ulaglaryň 2-si, tirkeg çekiji awtoulaglaryň 3-si we tirkegleriň 3-si bilen üsti ýetirildi. Täze getirilen innowasion tehnikalar suw hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga, işgärler üçin amatly zähmet şertlerini döretmäge hem-de sebitde suw desgalarynyň abatlanmagyna oňyn täsir eder.