JEMGYÝET

Lebaba salkyn howa akymy aralaşýar

Üstümizdäki hepdede Lebap welaýatynda howanyň maýyllygy +37 gradusa çenli düşer. Welaýatda hepdäniň dowamynda +40 gradusa ýetýän yssy günler bolmaz.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň ýazyşy ýaly, sebitde gündizki howa +32 gradusdan +37 gradusa çenli bolar. Gijelerine bolsa howa +18 gradusdan +23 gradusa çenli maýlar.