Lebap welaýatynda Jemagat hojalygy birleşikleri üçin ýurdumyza gelip gowşan täze, kuwwatly awtoulaglar, tehnikalar hem-de olaryň enjamlary düýn dabaraly ýagdaýda garşylanyldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde getirilen bu döwrebap serişdeler welaýatyň etrap-şäherlerinde jemagat hojalygy hyzmatlarynyň has göwnejaý we bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, Lebap welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşigi täze tapgyrda hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren 150-ä golaý tehnikasyny kabul etdi. Olaryň 80-e golaýy welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde peýdalanylýan dürli kysymly ulaglar bolup, maddy-tehniki binýady kuwwatly tehnikalaryň 7-si — ýükleýji ekskawatorlar, öň tarapdan ýükleýjiler we tekerli ekskawatorlar bilen baýlaşdyryldy. Şeýle hem zir-zibil daşaýjy ulaglar üçin açyk görnüşli konteýnerler, bag göçürmek üçin niýetlenen we aýratyn dakylýan enjamlaryň 60-dan gowragy kabul edildi.
Lebaba jemagat hojalygy tehnikalarynyň täze tapgyry geldi
13
Jan
