Lebaba gyzgyn günler garaşýar
Üstümizdäki hepdede Lebap welaýatynda gyzgyn günler ýene-de dowam eder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Neşiriň ýazyşy ýaly, gündogar sebitde hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +15… +20 gradusdan +20… +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradusdan +34… +39 gradus aralygynda maýyl bolar.
Şeýle hem neşir hepdäniň ahyrynda käbir welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagjakdygyny habar berdi.