DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Latwiýa taryhynda ilkinji «Oskaryny» gazandy

Latwiýaly režissýor Gints Zilbalodis “Oskar” baýraklarynyň 97-nji gezke geçirilýän gowşurylyş
dabarasynda taryha girdi. Ol “Iň gowy animasiýa filmi” ugry boýunça baýraga mynasyp bolup, bu baýrak Latwiýanyň gazanan ilkinji “Oskar” baýragy boldy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Los-Anželes şäherinde geçirilen “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda “Anora” çeper filmi uly üstünliklere eýe boldy. Bu film 4 ugur boýunça baýraklara mynasyp boldy.
Bu dabarada Pribaltika döwletlerinden bolan Latwiýanyň “Akym” atly animasion filmi “Oskar” baýragynyň eýesi boldy.