Lala Şöhradowa ýene bir milli ýaryşyň ýeňijisi boldy
Küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa Birinji liga wekilçilik edýän türgenleriň arasyndaky Türkmenstanyň açyk çempionatynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Lalanyň ýakynda zenanlaryň arasynda geçirilen Birinji liga ýaryşynyň hem ýeňijisi bolandygyny habar beripdik. Bu gezekki ýaryşa bolsa zenanlar erkekler bilen bilelikde gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda halkara derejeli sport ussatlary hem bar.
Ýaryşda Lala Şöhradowa mümkin bolan 11 utukdan 9 utuk toplamagy başaryp, ikinji orny eýelän Şahruh Turaýewden ýarym utuk öňe saýlandy. Lebaply türgenler Ilhan Çaryýew bilen Şageldi Kurbandurdyýewiň toplan utuklary bolsa 8-e deň boldy. Aslynda, olar üçünji ornuň eýesi Mergen Kakabaýew bilen deň mukdarda utuk topladylar, diňe käbir görkezijiler boýunça dördünji we bäşinji orunlary paýlaşmaly boldular.
Bu ýaryşdaky birinji orun Lala Şöhradowa 10-njy fewralda başlanjak Ýokary liganyň ýaryşynda erkekleriň arasynda ýaryşmaga hukuk gazanan ýeke-täk zenan türgen bolmak mümkinçiligini berdi. 2025 reýting utugy bolan zehinli küştçi ýurduň iň güýçli 12 türgeniniň arasynda bäsleşer.