SPORT WE SYÝAHAT

Lala Şöhradowa Şri-Lankadan iki medal bilen dolanyp geldi

Dänewli küştçi Lala Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatyny iki medal bilen tamamlady. Ozal hem habar berşimiz ýaly, küştçi gyz ýaryşyň çalt oýnamak görnüşi boýunça bürünç medalyň eýesi boldy. Soňra ol küştüň blis görnüşi boýunça-da üstünlik gazandy. Zehinli küştçi bu görnüşde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Çempionata dünýäniň 7 döwletinden türgenleriň 90-dan gowragy gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: