SPORT WE SYÝAHAT

Lala Şöhradowa Günbatar Aziýanyň küşt çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Dänewli küştçi Lala Şöhradowa Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionatynyň çalt oýnamak boýunça ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.

Lala 5,5 utuk toplap, üçünji orny eýelemegi başardy. Onuň gazagystanly Zeýnep Sultanbek bilen geçiren ahyrky tapgyrynda gazanan ýeňşiniň hasabyna eýe bolan bu baýragyny küştüň gara mallary getirdi. Ikinji orny Şri-Lankadan Gunawardan Dewindýa Oşini eýeledi.  

Şeýle hem küştüň çalt oýnamak görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halyniýazow mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk gazandy we ikinji orna mynasyp boldy.

Ýaryş 7 tapgyra uzady. Erkekleriň ýaryşyna 40, gyzlaryň bäsleşigine bolsa 36 küştçi gatnaşdy.