YKDYSADYÝET

Lagym ulgamlary täzelenýär

Şu ýyl Lebap welaýatynda iri lagym ulgamlarynyň we desgalarynyň üçüsi açylyp, ulanylmaga berler. Bu barada welaýat neşiri habar berdi.

Ulanylmaga beriljek desgalaryň ýene birisi Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesindäki lagym suwlaryny arassalaýjy desgadyr. Ony «Gözel zaman» hususy kärhanasy gurýar. Desganyň taslama bahasy 7 million 800 müň manada golaýdyr. Onuň kuwwaty bir gije-gündizde 5 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga deňdir.

Täze ilatly ýerlerde lagym ulgamyny kämilleşdirmeklige aýratyn üns berilýär. Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň täze lagym arassalaýjy desgalaryna çenli hem lagym ulgamy çekilýär. Onuň taslama bahasy 1 million 575 müň 670 manada barabar. Ony «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasy gurýar. Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 40 sany dört gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň lagym ulgamy hem «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. Onuň taslama bahasy 1 million 759 müň 730 manatlykdyr. Lagym ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi arassaçylygy we ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän zerur şertleri döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: