BIZE YAZYARLAR

Laçyn guşlary

Türkmen halky taryhda haýwanlary eldekileşdirmekde ökde bolanlygy barada maglumatlar bar. XII asyryň arap taryhçylarynyň ýazgylarynda aw awlamak üçin itler bilen bilelikde el guşlaryny hem eldekleşdirip bilýän türkmen ýigitlerimiz barada bellenip geçilýär. B.e.öň III müňýyllykda ösen medenýete eýe bolan Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylarda elguşlaryň we tazylaryň şekilleri, elguşlar bilen aw awlamaklygyň türkmenlerde has irki döwürlerde peýda bolanlygyna şaýatlyk edýär. Türkmenleriň gadymy sözlüginde aw guşlarynyň seýisine “Mürüşgär” diýlip atlandyrylýar. Mürüşgärleriň bu kesbi
ýeke-täk türkmenlerde saklanyp galypdyr diýsek ýalňyşmarys. Elguşlaryň asmanda, tazylaryň ýerde etýän oýunlary awlanjak oljany aljyradyp aldym-berdime salýar.
Eldekleşdirilen laçyn guşlary gadym oguzlaryň- türkmenleriň durmuşynda, ýaşaýşynda, edim-gylymlarynda hat-da harby işlerinde hem hat ibermekde peýdalanylypdyr. Galybersede Oguzhan atamyz hem öz ogullaryna sowgat beren ýedi hazynasynyň biride elguşlary bolupdyr. Bir wagtyň özünde hem guşy hem-de tazyny terbiýeläp aw öwretmek, olary aw awlamaga ugrukdyrmagyň özi sungat dälmi eýsem?!

Mydam garlydyr başlary
Ütelgi laçyn guşlary
                              (Kätibi)

diýip waspy ýetirilen elguşlarynyň türkmenlerde 25 görnüşi bardyr. Gözel Garagumyň jümmüşinde ömrüni geçiren çarwalara “Çöl alymlary” diýsek ýalňyşmarys. Laçyn guşlarynyň hemme görnüşleriniň eldekileşdirip bolmaýandygyny gürrüň berýän mürüşgärler olary gözläp tapýarlar. Olary eldekileşdirmegiň iň aňsat usuly olary çagaka tutmakdyr. Gözel tebigatymyzyň bezegi bolan ýabany guşlary eldekileşdirip sungat derejesine ýetiren milletimiziň elguş bilen aw awlamaklygy biziň günlerimize gelip ýetmeginiň özi
buýsandyryjydyr.

EGEMBERDIÝEWA Şeker,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.