Angliýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň futbol çempionatlaryndan soňra Ispaniýanyň çempionatynyň hem çempiony belli boldy. «Barselona» topary çempionatyň 36-njy tapgyrynda «Espanýol» toparyny 2:0 hasabynda utup, 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony diýen derejä eýe boldular.
Myhmançylykda geçirilen duşuşykda «Barselona» toparynyň düzüminde Lamin Ýamal we Fermin Lopez tapawutlandy.
Şeýlelikde, «Barselona» topary 36-njy tapgyryň ahyrynda 85 utuk jemledi. Ikinji orundaky «Real Madrid» topary bilen 2 tapgyr galandygyna garamazdan, aratapawut 7 utuga deň bolandygy üçin “Barselona” topary wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.
Ispaniýada iň köp çempion bolan «Real Madrid» toparydyr. Bu topar 36 gezek çempionlyk derejesine eýe boldy.
La Ligada «Barselona» çempion boldy

17
May