Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda birnäçe maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň tabynlygyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýän «Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün biz ähmiýetini ýitirmeýän adatlary bolan kyrk çile däbi barada gürrüň ederis.
Ene-mamalarymyzyň öz tejribelerine esaslanyp, paýhaslary bilen döreden ajaýyp ýörelgeleriniň biri hem täze dünýä inen çaganyň kyrk çile däbidir. Çaga doglup, tä kyrk gün geçýänçä, ol çileli hasaplanýar. Çile sözüniň özi pars sözünden gelip çykan «Kyrk» diýen manyny berýär. Kyrk günlük çile dessury diňe türkmenlerde däl, eýsem, beýleki türki dilli halklaryň hem birnäçesinde ýöredilýär.
Biziň ynam-ygtykatlarymyz, däplerimiz lukmançylyk bilen berk baglanyşykly. Enelerimiz geçmiş taryhymyzda hem doglan bäbejigiň ilkinji pursadynda ony enesiniň gujagyna berip, ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşygy has ysnyşdyryp, bäbegiň emiş refleksini oýandyrmaga ýardam beripdirler. Ýaňy bäbejigi bolan gelni hem-de çagany gaýynenesi kyrk günläp diňe öz gözegçiliginde saklapdyr. Sebäbi türkmençilikde bu iň «çylşyrymly» döwür hasap edilýär.
Däbe laýyklykda, dünýä ýaňy inen bäbejiklere bir hepdä çenli at dakylyp, azan okadylypdyr. Kyrk gün geçenden soňra bolsa, bäbejigiň immun halkasynda özüni goraýjy öýjük toplumlary (sitokinler, T we B limfositler) güýje girip, gorag funksiýasyny ýerine ýetirip başlamagy sebäpli, çaganyň «çylşyrymly» günleri geçdi hasaplanyp, pişme bişirilip, hossarlarynyň gatnaşmagynda toý tutulypdyr. Şu görnüşli dessurlaryň bary merkezimiziň bäbekhanasynda doly ýola goýlup, lukmanlarymyz tarapyndan dowam etdirilýär.
Lukmançylyk tarapdan kyrk çiläniň ýene-de bir aýratynlygyny, täze doglan bäbejik ene bilen ikiçäk gatnaşykda bolanda, çaganyň nemli bardasynda bölünip çykýan ýylylyk zynjyrynyň bekeýändigi bilen baglydyr. Şeýle hem bäbejigiň immun halkasynyň gowşak bolmagy, daşky gurşawdan gelýän kesel dörediji mikroblaryň deri örtügine, agyz boşlugyna düşüp, dürli kesellere getirip bilýänligini göz öňüne tutup, çaga kyrk günläp köpçülikleýin ýere çykarylmaýar.
Kyrk çiläniň enäniň bedenini berkitmek üçin hem ähmiýeti gaty uludyr. Bäbegini emdirýän wagty täze dogrum geçiren zenanyň böwreküsti mäzinde oksitosin gormony köp mukdarda emele gelip başlaýar. Ene süýdüniň ähmiýeti çaga üçin hem gaty uludyr. Enäniň dogumdan soňky ilkinji üç gününde göwüs mäzlerinde emele gelýän owuz süýdüne laýyk emeli süýdi dünýä alymlary ýokary derejeli tehnologiýalaryň ösüşine garamazdan, şu güne çenli tapyp bilenoklar.
Lukmançylykda kyrk çiläni berjaý eden we berjaý etmedik eneleri tapawutlandyrylanda şeýle ýagdaýlar ýüze çykypdyr. Ýagny kyrk günläp çagany islegi boýunça ýygy-ýygydan emdirmän, köpçülikleýin ýerden saklanman, bäbejige ene süýdünden daşary iýmit bermek, emeli süýde geçmek, enäniň nädogry naharlar bilen iýmitlenmegi netijesinde körpejeleriň fiziki hem psihomotor ösüşlerden yza galýandygy, agramlaryny doly derejede alyp bilmändigi, 5,5-6 aýda oturyp, 8 aýda ýerinden özbaşdak turup, 10-11 aýda ýörjen-ýörjen bolup bilmeýändikleri ýüze çykaryldy. Körpejelerde gipotrofiýa, ganazlyk, allergiýa, iglemek (rahit), ýiti respirator hem-de içege keselleriň ýygy gabatlaşýandygy mälim edildi. Şeýle hem bäbejikleri ýygy-ýygydan islegi boýunça emdirmän, emzik berlen çagalaryň süýt dişleriniň çykyş we ösüş kemislikleri has ýygy duş gelýär.
Kyrk çile dessurynyň, şeýlelikde, ene bilen ýaňy dünýä inen bäbejigiň saglygyna ähmiýetiniň uludygyna hiç hili şek-şübhe ýokdur. Ynsany dünýä getirmekde, terbiýelemekde, sagdyn nesil ýetişdirmekde ata-baba dowam edip gelýän öz milli adatlarymyzyň biri bolan kyrk çile däbi talabalaýyk alnyp barylsa, her maşgalanyň ilhalar neberesine guwanjakdygyna ynanýarys. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlary bolup, ýaş enelere ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän kyrk çile dessurynyň ähmiýetini düşündirýäris, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýäris.
Halkymyzyň bagtyýarlygy, körpe nesliň sagdyn ösüp-ulalmagy üçin uly aladalary edýän lukman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güleser REJEPOWA,
Lebap welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň 1-nji çaga dogruş bölüminiň akuşer-ginekolog-lukmany.

