BIZE YAZYARLAR

«Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde!»

Mekdepde ylma-bilime höwesek zehinli çagalar bäşinji-altynjy synpda eýýäm grammatikanyň kada-kanunlaryny öwrenip, ýalňyşsyz ýazmagyň hötdesinden gelýärler. Mekdepde mugallym ýalňyş üstünde işlemek diýip sapak geçýär. Şol sapakda her bir okuwçy mugallymyň barlan depderinden öz ýalňyşlyklaryny ýaňadan ýazýar. Mugallym bolsa, haýsy okuwçynyň haýsy grammatiki kadany bilmeýäni üçin şol bir ýalňyşlyklary goýberýändigini aýdyp, oňa şol grammatiki kadany öwredýär. Şeýlelikde ýalňyş üstünde işlemek örän peýda berýär. Biz çeper
eserleriň üsti bilen okuwçylara ýalňyşlardan, kynçylyklardan dogry baş alyp çykmagy öwredýäris.
Belli amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň «Goja we deňiz» atly powesti Nobel baýragyna mynasyp bolup, ýazyja bütindünýä şöhratyny getirdi. Powestiň gysgaça mamzuny şeýle. Bir garyp balykçy gojanyň hiç awy oňanok. Günüň-güni şowsuzlyk. Ol ahyry balykçylaryň gitmeýän ýerine, açyk deňze çykyp balyk tutmaga başlaýar. Ahyry onuň çeňňegine gaýygyndan-da uly balyk düşýär.
Ummanda ýaşap ulalan läheň balyk goja güýç berjekmi? Ol gojany gaýygy bilen süýräp ummanyň goýnuna alyp gidýär. Mähnet balyk bilen söweş birnäçe güne çekýär. Çeňňegiň ýüpüni sypdyrmajak bolup gojanyň elleri gyýym-gyýym, gan-gabarçak bolýar, emma erjel goja awuny sypdyrmaýar. Şeýlelikde goja gaýygy bilen ummanyň giňişliklerinde ýitip gidýär. Ýöne balygy goýbermeýär, ýogsam goja ummanda harasat tursa-da, gaý gopsa-da, öljegini bilýär. Howa bulutlaşsa-da uç-gyraksyz deňizde goja kenary tapjak däl. Ol açlykdan, suwsuzlykdanam öljek-
öljekde, tebigatyň ýowuz güýjünden rüstem çykýar. Balyk ullakan gaýygy süýräp halys usurgaýar, ýadaýar. Şonda goja läheň balygy naýzalap öldürýär.
Ol näçe jebir-jepa çekip, ölümiň öýünde kenara gelýär. Görse, maýda ýyrtyjy balyklar onuň läheň balygynyň etini iýip, diňe süňküni galdyrypdyr.
Meşhur ýazyjynyň «Goja we deňiz» eseri adatdan daşary agyr ýagdaýda adama adatdan daşary güýç-kuwwat berilýändigi, adam mümkinçiliginden aňyrdaky erjellik berilýändigi baradaky eserdir.
Geçen asyryň dünýä tanymal adamlarynyň birinji onlugyna giren Çerçiliň ömri kötelliklerden, kynçylyklardan, şowsuzlyklardan, ýeňlişlerden ybarat diýsegem öte geçmeris. Emma Çerçil kynçylyklara ýan bermeýär, maşgala durmuşyndaky bedibagtlyklaryň öňünde müzzermän, durmuşyň synaglaryndan merdem geçmegi başaryp, altmyş iki ýaşynda Beýik Britaniýäniň premýer ministri bolýar. Onuň ähli ýeňişleri, tanymal işleri garrylyk döwründe amala aşyrylýar. Çerçil diňe Angliýanyň däl, bütin dünýäniň ykbalynda ullakan şöhratly yz galdyryp bilýär…
Amerikada Patrik Dennis atly bir ýazyjy özüniň «Meým daýza jan» diýen romanyny çykardyp bilmän görgi baryny görýär. Ýurduň on ýedi sany neşirýaty onuň ajaýyp romanyny «Mundan roman bolmaz» diýip yzyna gaýtarýar.
«Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar» diýşi ýaly, Patrik ruhdan düşmän ýazýar hem romanyny dürli-dürli neşirýatlara eltýär. Ahyry şowlulyk ýazyja ýylgyryp bakýar. «Wengarda» neşirýaty romany çapdan çykarýar weli, ol ýurt meşhurlygyny gazanýar. Onuň tiražy iki milliona ýetip, ýazyjy millioner hem dünýä meşhur romançy bolýar. Kinoçylar ondan dessine kino etse, teatrlar ony sahnalaşdyrýar…
Ýaşajyk bag nahalyny oturdýarlar. Ol ýylyň-ýylyna harasada, tupana, gara, gyşyň çapgyn gaýlaryna döz gelip oturýar. Harasatdyr çapgyn ýeller onuň köküniň berkemegini üpjün edýär. Ol ösdügiçe, ulalyp, gabarasy artdygyça şonça kökleri çuňalyp töweregine ýaýraýar, ýogsam ol gelejekde harasada döz gelip oturyp bilmez.
Demri-de oda salyp, suwa salyp, çekiçläp-çekiçläp taplaýarlar.
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp pikiri bar:
«Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde!».

Şemşat SEÝITHANOWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdeiniň iňlis dili mugallymy.