Lebap welaýatyna wekilçilik edýän türgenler küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň zenanlaryň arasyndaky ýaryşynyň başyny çekýärler. Yzda galan dört tapgyrda her haýsy 3,5 utukdan toplan Gülmira Seýilhanowa bilen Lala Şöhradowa birinji we ikinji orunlary paýlaşýarlar.
Ýaryşyň üçünji basgançagynda hem lebaply küştçi bar. Has takygy, türkmenabatly türgen Jahan Rejebowa öňdebaryjylardan 1 utugy az toplap, ilkinji üçlügi jemleýär.
Toparda welaýatymyzyň dördünji wekili bolan Mähri Agamyradowa hem 1,5 utuk toplap, bäşinji orna göterildi.
Küşt, ýokary liga: zenanlaryň arasynda lebaply türgenler öňdebaryjy
05
Feb
