SPORT WE SYÝAHAT

Küşt, ýokary liga: Şöhradowa birinji orna geçdi

Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň uçurymy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda zenanlaryň arasyndaky ýaryşda birinji orna göterildi. Bu üstünlige onuň 5-nji tapgyrda türkmenabatly küştçi Jahan Rejebowany, 6-njy tapgyrda bolsa paýtagtly bäsdeşi Ogulsuraý Baýrambaýewany ýeňmegi sebäp boldy. Ýaryşyň öňki lideri Gülmira Seýilhanowa bolsa garaşylmadyk ýagdaýda birinji ligadan gelen başga bir lebaply küştçi Mähri Agamyradowadan ýeňlip, ikinji orna düşdi.
Şeýlelikde, yzda galan 6 tapgyrdan soň Lala Şöhradowanyň 5,5, Gülmira Seýilhanowanyň bolsa 4,5 utugy bar. Ýaryşa iň aşakdaky orunlarda başlan Mähri Agamyradowanyň adyny indi 3 utuk bilen üçünji orunda görýäris. Lebap welaýatynyň dördünji wekili Jahan Rejebowanyň hem 3 utugy bar.
7-nji fewralda geçiriljek 7-nji we 8-nji tapgyrlaryň duşuşyklarynda hem gyzykly oýunlar garaşýar. Ertir ― 7-nji fewralda ýaryşyň liderleri Gülmira Seýilhanowa bilen Lala Şöhradowa biri-biri bilen duşuşar. Lala 8-nji tapgyrda bolsa ýaryşyň iň kiçi ýaşly wekili, daşoguzly küştçi Dilber Hupbyýewa bilen güýç synanyşar. Tejribeli Lala 11 ýaşly bäsdeşi bilen birinji aýlawda deňme-deň oýnapdy.