SPORT WE SYÝAHAT

Küşt, ýokary liga: lebaply türgen, häzirlikçe, ikinji

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň açyk toparynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary hem geçirildi.Yzda galan dört tapgrydan soň küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, talyp türgen Wepaly Halynyýazow 3 utuk bilen ikinji orunda barýar. Ol birinji orundaky paýtagtly küştçi Amanmuhammet Hommadowdan 1 utuk yzda.
Toparyň duşuşyklaryna lebaply küştçüleriň dördüsiniň gatnaşýandygyny habar beripdik. Dört tapgyrdan soň 2 utuk toplan Ilhan çaryýew bäşinji, Gurbanmyrat Rüstemow 1,5 utuk bilen altynjy, Leýla Şöhradowa bolsa 1 utuk bilen ýedinji orunda.
Öňde ýene üç tapgyr galdy. Häzirlikçe, Wepaly Halynyýazowda baýrakly orunlaryň birine düşmäge mümkinçilik uly.