SPORT WE SYÝAHAT

Küşt, ýokary liga: lebaply küştçi ikinji orundaky ýerini goraýar

Küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy Wepaly Halynyýazow Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň açyk toparynda ikinji orundaky ýerini goraýar. Ol yzda galan alty tapgyrda 4 utuk toplap, paýtagtlybäsdeşi Amanmuhammet Homamdowdan soň ikinji orunda barýar.
Wepaly 14 tapgyrdan ybarat boljak ýaryşda ilkinji gezek birinji orundaky bäsdeşinden ýeňildi. Öňki bäş duşuşygynyň bolsa üçüsinde ýeňiş gazanyp, ikisinde deňme-deň oýnady. Lebaply bäsdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda Leýla Şöhradowa bilen deňme-deň oýnady, Gurbanmyrat Rüstemowy bolsa ýeňdi.
Wepaly ertir ― 7-nji fewralda geçiriljek 7-nji we 8-nji tapgyrlaryň duşuşyklarynda biziň welaýatymyza wekilçilik edýän Ilhan Çaryýew bilen zenanlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew bilen synaga girer.
Ilkinji alty tapgyrdan soň Lebap welaýatyna wekilçilik edýän küştçülerden Ilhan Çaryýew dördünji (3 utuk), Leýla Şöhradowa altynjy (2,5 utuk), Gurbanmyrat Rüstemow bolsa ýedinji (2 utuk) orny eýeleýär.