SPORT WE SYÝAHAT

Küşt: oglanlaryň arasynda-da lebaply türgen çempion

Küşt boýunça 20 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda hem birinji orny küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy çempion boldy. Has takygy, häzirki wagtda paýtagtda ýokary bilim alyp ýören Wepaly Halnyýazow mümkin bolan 11 utukdan 9 utuk toplap, hormat münberiniň birinji ornuna çykdy.
Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni Serdar Baýramow 8,5 utuk bilen ikinji, paýtagtdan Amanmuhammet Hommadow hem şunça utuk bilen üçünji orny eýeledi.
Bu netijeler küştüň nusgawy görnüşine degişli. Indi türgenler rapid we blis ýaryşlarynda hem güýç synanyşarlar.
Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowanyň çempion bolandygyny ýatladýarys.