Küşt Gran-prisiniň bir tapgyry Türkmenabatda geçiriler
Türkmenistanda küşt boýunça ýaryşyň täze görnüşine, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň
Gran-pri tapgyryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji bölegi 17-nji martda Aşgabat şäherinde
başlady. Paýtagtdaky ýaryş 21-nji martda tamamlanar.
Soňrta tapgyr ýurduň welaýatlarynda dowam eder. Şol sanda tapgyryň bir bölegi Türkmenabat şäherinde hem geçiriler.
Täze ýaryşyň esasy aýratynlygy küşt janköýerleriň duşuşyklara onlaýn görnüşde tomaşa edip
biljekligidir. Munuň üçin küşt duşuşyklaryndaky göçümleri onlaýn ýetirip durýan «Lichess»
meýdançasyndan peýdalanylýar.
Ýaryş iki toparda ― açyk we zenanlar toparynda geçirilýär. Açyk toparda, adyndan hem belli
bolşy, ýurduň iň güýçli zenan küşçüleriniň ikisi ― küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy Lala
Şöhradowa bilen türkmenabatly küştçi Jahan Rejebowa erkekleriň arasynda ýaryşýar. Bu
toparda 86, zenanlaryň toparynda bolsa ýurduň iň güýçli zenan küştçüleriniň 44-si bar.
Açyk toparda 4 tapgyryň duşuşygyndan soňra Türkmenabat şäherinden Ilhan Çaryýew 9
utuk bilen birinji, Lala Şöhradowa bolsa 8,5 utuk bilen üçünji orunda barýar. Zenanlaryň
toparynda bolsa 4 utukly türkmenabatly türgen Gülmira Seýilhanowa, häzirlikçe, üçünji orny
eýeleýär.