Küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri tapgyrynyň Daşoguz şäherindäki ýaryşlary tamamlandy. Onda lebaply türgenler öňdäki orunlaryň ençemesini eýelediler.
Açyk toparda lebaply türgenler Serdar Baýramow bilen Sanjar Gaýbullaýewe ilkinji üçlüge girmek üçin diňe käbir görkezijiler ýetmezçilik etdi. Aslynda, olar ikinji orny eýelän Amanmuhammet Hommadow bilen deň mukdarda utuk topladylar. Ýöne toplanan 7 utuk lebaply türgenleriň ikinji we üçünji orunlary eýelemegi üçin ýeterlik bolmady. Olar ikinji ornuň eýesi Amanmuhammet Hommadowdan we Şahruh Turaýewden käbir görkezijiler boýunça yza galdylar.
Ýaryşda altynjy we ýedinji orunlary hem lebaply küştçüler ― Ilhan Çaryýew bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa eýeledi. Tapgyryň Türkmenabat şäherindäki ýaryşynda hormat münberine çykan türkmenabatly küştçi Jahan Rejebowa bolsa demirgazyk şäherde geçirilen ýaryşda 5,5 utuk bilen 15-nji orny eýeledi. Ýeri gelende aýtsak, Daşoguzdaky ýaryşda açyk toparda Türkmenistanyň Küşt
federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýew ýeňiji boldy.
Şu ýaryşda 9 duşuşygyň ählisini ýeňiş bilen tamamlap, 9 utuk utuk toplan bilen ýeke-täk küştçi, küştüň Lebap mekdebiniň uçurymy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa boldy.
Şeýlelik bilen, ol zenanlaryň arasyndaky ýaryşda hormat münberiniň birinji basgançagyna çykmagy başardy. 6 utuk toplan bilen lebaply küştçi Gülmira Seýilhanowa bolsa hormat münberine çykmak üçin ýarym utuk ýetmedi. Biziň welaýatymyza wekilçilik eden türgenlerden Nurana Jumanyýazowa bilen Nebahat Muradowa hem 43 küştçiniň arasynda ilkinji 10-luga girmegi başardylar.
Küşt: Gran-priniň Daşoguz tapgyry tamamlandy
15
Sep
