SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça onlaýn ýaryşyň jemi jemlenildi

Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň guramagynda Lebap welaýatynyň küştçüleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen ýaryşlaryň jemi jemlenildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Farap, Kerki, Dänew we Çärjew etraplaryndan 8, 10, 12 we 14 ýaşly çagalar, açyk görnüşine bolsa ulular hem gatnaşdylar. Oýunlarda jemi 300-den gowrak küştçi çykyş etdi.

Ýaryşlar şu ýylyň ýanwar aýynda başlandy we dört tapgyrda geçirildi. Sport mekdebinde bolan dabarada olaryň üçünji, dördünji tapgyrlarynda, şonuň ýaly-da jemi boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlary alanlary sylaglamak dabarasy boldy. Görkezilen tapgyrlarda ýeňiji bolanlara guramaçynyň degişli diplomlary, dört tapgyryň jemi boýunça öňe saýlananlara degişli diplomlar we medallar gowşuryldy.

Açyk görnüşinde geçirilen ýaryşlarda erkekkeriň arasynda Kerki etrabyndan Rahym Hydyrow birinji, Türkmenabat şäherinden Suhrap Semiýew ikinji, Ulugbek Matnazarow üçünji orna mynasyp boldular. Zenanlaryň arasynda Maral Zeripjanowa birinji, Jeren Ibragimowa ikinji, Suray Abdullaýewa üçünji orna mynasyp boldular. Olaryň ählisi hem Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde tälim alýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: