Küşt boýunça erkekleriň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çempionatynyň birinji ligasyna wekilçilik edýän küştçüleriň 112-si gatnaşdy. Olaryň arasynda türkmenabatly küştçülerden başga-da Çärjew, Dänew we Halaç etraplaryna wekilçilik edýän küştçüler hem bar.
Gyzykly geçen duşuşyklaryň netijesinde Türkmenabat şäherinden Ilhan Çaryýew welaýatymyzyň çempiony bolmagy başardy. Tejribeli tälimçi Güljahan Öwlýakulyýewanyň şägirdi geçiren duşuşyklarynda garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdy.
Ikinji orny eýelän Şageldi Kurbandurdyýew tälimçisi Halyl Kurbandurdyýewiň özüne öwredenlerini kämil derejede özleşdirip, zehinini nobatdaky gezek ykrar etdirdi. Öňdebaryjylaryň üçlügini ýene-de G.Öwlýakulyýewanyň şägirdi bolan Serdar Baýramow eýeledi.
Şu gezekki ýaryşa Atamyrat Hümmedow, Şafket Hakkyýew, Baýram Akmyradow, Altybaý Ýangibaýew ýaly ýaşuly küştçüleriň hem gatnaşandyklaryny nygtamak gerek.