Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Gran-pri tapgyrynyň Türkmenabat ýaryşy geçirildi. Küştüň nusgawy we blitz görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden iň zehinli küştçüleriň onlarçasy gatnaşdy.
Gran-pri tapgyrynyň ýurdumyzdaky täze küşt ýaryşydygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol ýurdumyzyň ähli sebitlerinde küşti giňden wagyz etmegi we ýerlerden täze zehinleri saýlap almagy maksat edinýär. Tapgyra Aşgabat şäherinde badalga berildi, Türkmenabat onuň ikinji duralgasy bolar. Ýakyn günlerde bolsa bu tapgyr ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi şäherinde dowam eder.
Gran-pri tapgyrynyň Türkmenabatdaky bölegi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şakir Hakimowyň hatyrasyna bagyşlandy. Onuň nusgawy ýaryşy açyk toparça we zenanlaryň arasynda geçirildi. Açyk topar erkek küştçüleri we ýurdumyzyň iň güýçli zenan küştçülerini öz içine aldy. Bu ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap bilen Mergen Kakabaýewe taý tapylmady.
Paýtagtymyzdan Wepaly Halnyýazow bilen Türkmenabat şäherinden Jahan Rejebowa çempiondan bary-ýogy ýarym utuk yza galyp, ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.
Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa ilkinji iki orny lebaply küştçüler eýelediler. Has takygy, Gülmira Seýilhanowa 8, Mähri Aýmakowa 7,5 utuk toplap bildi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa 7 utuk bilen Mary welaýatyndan gatnaşan küştçi Jennet Ýalkanowa çykdy.
Küştüň çalt oýnalýan görnüşleriniň biri bolan blitz boýunça geçirilen ýaryşda Dänew etrabyndan Şageldi Kurbandurdyýewe taý tapylmady. Ol 11 duşuşykda 9,5 utuk toplap bildi. Her haýsy 9 utuk toplan türgenlerden Ilhan Çaryýew (Lebap welaýaty) ikinji, Leýla Şöhradowa (Aşgabat şäheri) üçünji orny eýeledi.
Küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Türkmenabat bölegi geçirildi
01
Sep
