SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça Gran-Pri ýaryşy geçirildi

Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde küş boýunça Gran-Pri ugrundaky ýaryşlaryň jemi jemlenildi. Ol mart aýynda başlandy we mart, aprel we maý aýlarynda üç tapgyrda geçirildi. Çagalary goramagyň halkara gününde onuň jemi jemlenildi we ýeňijileri sylaglaýyş dabarasy boldy.  Olar ýaş aýratynlyklary we umumy netijeler boýunça anyklanyldy. Ýeňijilere degişli derejeli Hormat hatlary gowşuryldy.
Şonuň ýaly-da, dabarada Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, baýrakly orunlary alan küştçüleri, welaýat derejesinde geçirilen ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden oglanlary we gyzlary hem sylagladylar.
Soňra küştçülere Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli doňdurma hödür etdiler.
Küşt boýunça dürli ýaryşlary guramaga mekdebe Türkmenabat şäheriniň telekeçileri hem ýakyndan ýardam edýärler. Mysal üçin, 17-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp «Çagalar dünýäsinde» küşdüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýarysyna telekeçi Rustam Rahmanow, 27-nji maýda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde küşdüň blis görnüşi boýunça geçirilen ýaryşyna telekeçi Hamrabaý Hasanow dagylar hemaýatkärlik etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: