SPORT WE SYÝAHAT

Küşt boýunça birinji liganyň saýlama duşuşyklary geçirildi

Şu aýyň birinji ongünlüginde Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasyna saýlama duşuşyklar geçirildi.
Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Dänew we Saýat etraplaryndan küştçüler gatnaşdy.
Däp bolşy ýaly, bu ýaryş erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär. Ýöne Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, şu ýyl bolsa 16 we 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolan Gülmira Seýilhanowa, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň çempionlary Mähri Agamyradowa we Jahan Rejebowa dagylar Ýokary hem-de Birinji ligalarda ozaldan oýnap gelýändigi sebäpli erkekleriň arasyndaky ýaryşa gatnaşdyryldy.
Şeýlelikde, erkekleriň we welaýatymyzyň has güýçli zenan küştçüleriniň arasyndaky ýaryşda Maksat Myradow birinji orny eýeledi. Bu türgeniň şu ýyl 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda küştüň blis görnüşi boýunça ýurdumyzyň çempionatynda bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.                               

  Üstümizdäki ýylda 16 we 17 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň
çempiony bolan Serdar Baýramow bu gezek hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Üçünji orny bolsa Gülmira Seýilhanowa eýeledi. Öňdäki orunlary eýelän küştçüleriň üçüsi hem Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde Güljahan Öwlüýägulyýewanyň elinde tälim alýarlar.
Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda hormat münberiniň birinji basgançagyna
Dänew etrabyndan Mähri Aýmakowa çykdy. Kamila Mustakowanyň şägirdiniň
üstümizdäki ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde hem üstünlikli çykyş edendigini ýatladýarys.
Bu toparda ikinji orny Çärjew etrabynyň Farap şäherinden Jeren Bagtyýarowa
eýeledi. Ony ýaryşa Hudaýberdi Seýitgulyýew taýýarlady. Şeýle hem ilkinji üçlügi şu ýyl Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogynda zenanlaryň arasynda «B» derejesinde iň ýokary netijäni görkezen türkmenabatly küştçi Nurana Jumanyýazowa jemledi.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Birinji ligasyna gündogar sebitden wekilçilik ederler.