Kurtua “Realdan” gider
“Realyň” derwezesini birnäçe ýyl bäri yzygiderli goraýan Tibo Kurtua soňky wagtlarda köp şikes alýar.
“Football Espana” neşiriniň habaryna görä, belgiýaly derwezeçi geljek tomus öz ornuny başga bir kärdeşine boşadyp bermegi mümkin. Kurtua Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” toparyndan girdejili teklip hödürlenýär. Şeýhler 32 ýaşly meşhur derwezeçini almak üçin herekete başladylar.
Kurtua Belgiýanyň “Genk” klubynyň okuwçysy hasaplanýar. 2011-nji ýylda ony “Çelsi” transfer edip, derrew “Atletiko” toparyna kärende berdi.
2018-nji ýylda “Realyň” ýolbaşçylygy ony “Çelsiden” 35 million ýewro öwezine transfer etdi. Şondan bäri belgiýaly derwezeçi madridiň derwezesini gorap gelýär.