SPORT WE SYÝAHAT

Kuraşçylar türgenleşiklere girişdiler

Kuraş boýunça lebaply türgenleriň bir topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdi. Ýurduň zenanlar ýygyndysyna bolsa Lebap welaýatyndan Şirin Kubaýewa tälim berýär.

Milli ýygynda iýun aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň netijelerine laýyklykda, 30 türgen çagyryldy. Olaryň 14-si erkekler, 16-sy bolsa zenanlardyr. Türgenleriň aglabasy Aşgabat şäherine we Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.

Şu ýylyň 23 ― 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini ýatladýarys. Oňa lebaply türgenler hem gatnaşar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: