SPORT WE SYÝAHAT

Kuraş boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde kuraş boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen bu ýaryşa welaýatyň etrap-şäherlerinden türgenleriň 160-a golaýy gatnaşdy.

Oglanlaryň arasynda tutluşyklar jemi 9 agram derejesi boýunça geçirilip, onda çärjewli türgenler has üstünlikli çykyş etdiler. Ýagny, Mekan Saparow 50, Narmurat Muradow 73, Ýusup Hojakulyýew 90 kilograma çenli agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Türkmenabat şäherinden Maksat Kurbanbaýew 55 we Alişer Imamberdiýew 66 kilograma çenli agram derejeleri boýunça birinjiligi eýelediler. Köýtendagly Jasur Hoşbakow we Ilşat Döwranow degişlilikde 46 we 60 kilograma çenli agram derejelerinde ýeňiş gazandylar. Hojambaz etrabyndan Çary Jumaýew 81, Kerim Rahmedow +90 kilograma çenli agram derejelerinde birinjilige mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda ýaryşlar jemi 7 agram derejesi boýunça geçirilip, baýrakly orunlaryň aglabasyna türkmenabatly türgenler mynasyp boldular. Olardan Dilara Kandymowa 48, Leýli Bahadyrowa 52, Rozymeňli Meýmanowa 57, Humaý Jumadurdyýewa 63, Nurana Hezretowa 70 kilograma çenli agram derejelerinde, Sabina Kadyrowa 70 kilogramdan ýokary agram derejesinde birinjiligi gazandylar. Dänewli Nargiza Sahypjanowa bolsa 44 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: