SPORT WE SYÝAHAT

Kuraş boýunça dünýä çempionatynda lebaply türgenleriň 14-si ýaryşar

23 ― 28-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynda lebaply türgenleriň 14-si çykyş eder.

Olar:

  Wepa Awlýakulyýew, TGM-niň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşyň çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň müdiriniň kömekçisi, 60 kilograma çenli agram derejesinde;

― Döwlet Hamrakulyýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby (Lebap welaýatynda doglan), 66 kilograma çenli agram derejesinde;

― Şatlyk Jumanyýazow, Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi, 73 kilograma çenlli agram derejesinde;

― Daýanç Omirow, Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, 81 kilograma çenli agram derejesinde;

― Serdar Abdirahmanow, Köýtendag etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň kuraş boýunça tälimçisi, 90 kg;

― Sapa Sapaýew, Hojambaz etrabyndan telekeçi, +100 kg;

― Aýşirin Haýdarowa, Çärjew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi, 48 kg;

― Aýnur Amanowa, Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi, 52 kg;

― Gülşat Annaýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby (Lebap welaýatynda doglan), 57 kg;

― Dinara Rozykulowa, Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi, 63 kg;

― Mariýa Lohowa, Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi, 70 kg;

― Sabina Kadyrowa, Türkmenabat şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, 78 kg;

― Jahan Muhammedowa, Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi, 87 kg;

― Sabina Agajanowa, Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi, +87 kg.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: