- ESASY HABARLAR, GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

KROKODIL ÝYNDAM JANDAR

     Şu wagta çenli krokodilleriň Awstraliýada ýaşaýan görnüşinden başgalary çalt ylgamaga ukypsyz hasaplanylýardy. Ýöne ýakynda  Beýik Britaniýanyň Korollyk weterinar kollejinden Jon Hatçinsonyň ýolbaşçylygynda alymlaryň  widokameralaryň kömegi bilen geçiren synag işleri beýleki krokodilleriň hem has çalt ylgap bilýändigini görkezdi. Alymlar krokodilleri öwrenmek boýunça geçiren synag işleriniň netijesi barada “Science Alert” neşirinde çykyş etdiler. Krokodiller özleriniň görnüşine baglylykda her-hili usulda we çaltlykda ylgap bilýärler. Olaryň ortaça tizligi sagatda 18 kilometr hasaplanylýar. Ýöne krokodilleriň ululygyna baglylykda olaryň käbiriniň tizligi atlaryňky bilen deňdir. Alymlar krokodilleriň käbiriniň has çalt ylgamagynyň olaryň gelip çykyşy bilen baglanşyklydygyny,  şeýle hem, onuň uzak ýyllaryň dowamynda öz iýmitlerini tutmak, hem-de duşmanyndan gaçyp gutulmak üçin endik edendigini belleýärler.

                         (Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                           Taýýarlan Allaýar ORAZOW.