DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kriştianu Ronaldu hilegär zenanyň pidasy boldy

Portugal futbolçysy Kriştianu Ronaldu hilegär zenanyň pidasy boldy. Bu barada «Секрет фирмы» saýty ýazýar.

Turagent bolup işleýän aýal türgeniň bank kartasynyň maglumatlaryndan peýdalanypdyr we onuň hasabyndan 280 müň ýewro çykaryp almagy başarypdyr. Ronaldu ýitgini duýmandyram. Jenaýatçynyň hereketinden hüjümçiniň agenti Žorže Mendeş hasam köp ejir çekipdir. Ol 35 müň ýewro ýitiripdir.

Päliýaman aýalyň işleýan syýatçylyk agentligi olar ogurlanan pul gaýtaryp beripdir.

«Jornal de Noticias» gazetiniň habar bermegine görä, turagent Mariýa Silwa futbolçynyň puluny 2007-nji ýylda ogurlap başlan bolmaly.

Kompaniýanyň ýolbaşçylygy kezzapçylygyň shemasyny 2010-njy ýyla ýüze çykarypdyr. Aýal günäsini dolulygyna boýun alypdyr. 2017-nji ýylda Silwany dört  türmä basypdyrlar. Häzir ol tam süpüriji bolup işlemek bilen syýahatçylyk agentligine ýetiren zyýanynyň öwezini dolýar.

Silwanyň aldan türgenleriniň arasynda Ronaldunyň «Mançester Ýunaýted» boýunça ýoldaşy portugaliýaly Nani, «Lokomotiwiň öňki oýunçysy Manuel Fernandeş hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: