BILIM

Köýtendagyň “kör balyklary” ýaşlara tanyşdyryldy

Türkmenabat şäherindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Çäräniň maksady tebigaty goramak we baýlaşdyrmak, ýaşlara Köýtendagyň ihtofaunasynyň täsin wekilleriniň biri bolan kör ýalaňaç balyklarynyň aýratynlyklaryny ýetirmek boldy. Hünärmenler bu balyklaryň ilkinji gezek 1979-njy ýylda Garlyk obasynyň gündogaryndaky gowakdaky köl suwundan tapylandygyny, 1982-nji ýylda täze görnüş hökmünde hasaba
alnandygyny aýtdylar. Balyk ömrüniň köp bölegini gowagyň çuň we garaňky ýerinde geçirýändigi sebäpli gözsüz bolýar we “kör balyk” diýlip atlandyrylýar.
Köýtendagyň kör ýalaňaç balyklary Merkezi Aziýada gowak suwlarynda ýaşaýan ýeke-täk görnüş hasaplanýar. Bu balyklaryň ylmy ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. 1999-njy ýylda Gyzyl kitabyň ikinji neşirine seýrek duş gelýän görnüş derejesinde, üçünji kategoriýabilen täzeden girizildi. Duşuşykda ýaşlaryň tebigaty goramak we ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly düşünjeleri giňeldildi.