TÜRKMENISTAN HABARLARY

Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde onlarça görnüş bar

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy diňe bir daglyk relýefi bilen däl, eýsem, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi bilen hem tapawutlanýar. Bu ýerde süýdemdirijileriň 40-a golaý, guşlaryň 100-den gowrak, süýrenijileriň 25 görnüşi duş gelýär.
Şeýle hem bu sebitde ýerde-suwda ýaşaýan haýwanlaryň 2 görnüşi, oňurgaly we oňurgasyz jandarlaryň onlarçasy, şol sanda gündizki kebelekleriň 60-dan gowrak görnüşi ýaşaýar. Bu görkeziji goraghananyň tebigy baýlygynyň ýokarydygyny görkezýär.