TÜRKMENISTAN HABARLARY

Köýtendagyň gar örtügi sebitiň suw we biodürlülik durnuklylygyny saklaýar

Köýtendag (Pamiro-Alaý dag ulgamy) sebitiň gidrologik ýagdaýynyň kemala gelmeginde aýgytly orun eýeleýär. Bu daglarda maý aýyna çenli saklanýan möwsümleýin gar örtügi hemişelik we wagtlaýyn derýa akymlarynyň, şeýle hem çeşmeleriň iýmitlenmegini üpjün edýär. Şonuň bilen birlikde, Köýtendag diňe şu ýerde duş gelýän burma şahly geçi ýaly seýrek haýwanlar we endemik ösümlik görnüşleri üçin möhüm ekoulgam wezipesini ýerine ýetirýär.
Alymlaryň bellemegine görä, ählumumy maýlama zerarly Merkezi Aziýanyň buzluklary we gar örtükleri barha azalýar, bu bolsa Amyderýanyň basseýnindäki suw deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär. Şu nukdaýnazardan, Köýtendagyň ekoulgamyny we tebigy gözelligini gorap saklamak, şeýle hem bahar paslyndaky ösümlik dünýäsiniň durnuklylygyny üpjün etmek üçin alymlar monitoring işlerini güýçlendirýärler. Bu çäreler tebigatyň seýrek baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamaga we howa üýtgemeleriniň täsirini azaltmaga gönükdirilendir.