Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilýär. Şu ýylyň 5 — 8-nji maýy aralygynda Germaniýadaky Mihael Zukkow adyndaky halkara gaznanyň bilermenleri we milli hünärmenler «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynda iş saparynda bolup, sebitiň tebigy, geologik, paleontologik we biologik gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça monitoring işlerini geçirdiler. «Köýtendagyň karstlary, jülgeleri we gowaklary» atly serhetüsti tebigy desganyň ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlenmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýar. Bu desga Türkmenistandaky «Köýtendag» we Özbegistandaky «Surhan» döwlet tebigy goraghanalaryny birleşdirýär.
Saparyň dowamynda bilermenler Daraýydere kanýonynda, «Hojaýpil» döwlet tebigy çäkli goraghanasynda, Kyrkgyz deresinde, Umbardere şaglawugynda, dinozawrlaryň belent tekizliginde we Köýtendagyň ýokary dag guşaklyklarynda gözegçilik işlerini alyp bardylar. Hünärmenler 130 — 140 million ýyl öňki dinozawr aýak yzlaryny, 24 metrlik Umbardere şaglawugyny, 500 — 800 ýaşly zerewşan arçalaryny, Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleri, jennet siňekçisiniň höwürtgeleýän ýerlerini, burma şahly tekelere duş gelýän çäkleri, şeýle hem Haşymoýuk, Gülşirin, Aralyk, Gapgotan, Daşýürek ýaly Garlyk karst gowaklaryna degişli ylmy maglumatlary öwrenip, Köýtendagyň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem tutuş adamzat üçin hem bahasyna ýetip bolmajak tebigy mirasdygyny bellediler.
Köýtendagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek ugrunda işler dowam edýär
02
Jun

