SPORT WE SYÝAHAT

Köýtendagly türgen öňde duran ýaryşlara taýýarlanýar

Köýtendagly türgen, etrapdaky 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Bahram Haýdarow şu günler tälimçileriniň ýolbaşçylygynda milli we halkara derejeli ýaryşlara taýýarlygyny güýçlendirýär. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Ol 2015-nji ýyldan bäri okuwdan boş wagtlary Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Anwarjan Kurbanowyň elinde sportuň adaty karate, taýboks we uşu (MMA) görnüşleri boýunça türgenleşýär. Ol 2016—2020-nji ýyllarda taýboks, uşu we adaty karateniň kumite görnüşi boýunça ýurt derejesinde geçirilýän ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp geldi.

Bahram Haýdarow 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna hem mynasyp boldy. Karateçä 2021-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasy tarapyndan karate-do boýunça 3 kýu derejesi berildi. Bahram 2022-nji ýylda karateniň kumite görnüşi boýunça welaýatymyzyň çempionatynda 14—15 ýaşly oglanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde, şol ýylda uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde 45 kilograma çenli agramda we Ahal welaýatynyň açyk çempionatynda 45 kilograma çenli agramda çykyş edip, birinji orunlary eýeledi. Ýaş türgen taýboks boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 45 kilograma çenli agramda, Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda bolsa 48 kilogram agramda çykyş edip, üçünji orunlary eýelemegi başardy.

Bahram geçen ýyl karateniň kumite görnüşi boýunça Mary welaýatynyň açyk çempionatynda 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip üçünji, Lebap welaýatynyň açyk çempionatynda bolsa 61 kilogram agramda çykyş edip ikinji orunlary eýeledi. Iýun aýynda taýboks boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 57 kilogram agramda çykyş eden türgen üçünji orna mynasyp boldy.