SPORT WE SYÝAHAT

Köýtendagly türgen Aziýa oýunlarynyň bürünç medalyna mynasyp boldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 57 kilogram agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden köýtendagly türgen Maýsa Pardaýewa türkmen ýygyndysyna ilkinji medaly sowgat etdi. Has takygy, ol bürünç medal üçin geçen tutluşykda ýer eýeleriniň ýygyndysynyň agzasy bolan Ki Kaiden 11:0 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşige 1/8 final tapgyryndan girişen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa nepally Pradhan Şhredsany hem-de özbegistanly Şukurjon Aminowany birmeňzeş — 10:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym final tapgyrynda bolsa koreýaly Ýensong Parkdan minimal hasapa (1:0) asgyn geldi.

Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndy topary Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna Tatýana Widýasowanyň we ýaponiýaly hünärmen Kazuhino Tokunonyň golastynda gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: