BILIM

Köýtendagly okuwçy gyzjagaz öý şertlerinde süýdi tozga görnüşinde almagy başardy

Türkmenistanyň azyk senagatynyň ösüşiniň ýokary görkezijileri, ilki bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek we ýerli çig mallary ulanmak esasynda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň giňelmeginiň hasabyna gazanylýar. Halkara bäsleşiklerinde Türkmenistanyň azyk önümleriniň köp sanlysy abraýly sylaglara mynasyp bolup gelýär. Okamaga döretmäge döredilýän mümkinçiliklerden höweslenip Köýtendag etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçysy Dildora Joraýewa özüniň taslama işinde süýdi tozga görnüşine geçirmegi başardy.
Süýdüň düzümindäki komponentleriň ählisiniň adamyň iýmitiniň fiziologiýasynda möhüm ähmiýeti bar. Beloklar – biologiki has gymmatly düzüjilerdir, sebäbi olaryň bölünmeginde emele gelýän amino turşular (aminokislotalar) bedeniň öýjüklerini, fermentlerini, garmonlaryny, bedeniň zäherlenmezlik ukyby hadysasy ýüze çykandaky bedeni goraýan we beýlekileri gurmakda material bolup durýarlar. Elbetde süýt önümlerini 72 sagatda zaýalanýandygyny göz öňünde tutup 2 ýyla çenli ýaramlylyk möhletini artdyrmagy başardy. Onuň üçin süýdi tozga görnüşine geçirmek maksada laýykdyr. Süýdiň tozga görnüşine geçirilmegi aşakdaky mümkinçilikleri döretýär.
Azyk howpsuzlygy: süýt möwsümleýin önümdir. Tozga süýt öndür, el arkaly gyş aýlarynda ýa-da süýt az bolan sebitlerde ilaty bu gymmatly önüm bilen durnukly üpjün edip bolýar.
Galyndysyz tehnologiýa: Süýt gaýtadan işlenen peýdalanylýan sary suw ýaly önümleri hem tozga görnüşine getirip maldarçylykda we derman senagatynda ulanmaga mümkinçilik döredýär.
Ykdysady netijelilik: Süýdiň zaýalanmagynyň öňüni alýar we önümiň mümkinçiliklerini artdyrýar.
Logistika we daşama: Süýdiň agramy we göwrümi peselýär, bu bolsa ony uzak aralyklara daşamakda çykdaýjylary azaldýar.
Saklanyş möhleti : suwuk süýt birnäçe gün saklanýan bolsa tozga süýt ýörite gaplarda 6 aýdan 2 ýyla çenli zaýalanman saklanyp biler.
Senagatda ulanylyşy: konditer önümleri, çaga iýmitleri, çörek bulka önümçiligi we doňdurma ýaly çig mal hökmünde hyzmat edýär.