BILIM

Köýtendagly mugallym ähli kärdeşlerine görelde bolýar

Köýtendag etrabynyň orta mekdepleriniň mugallymlary etrapdaky 4-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Sonagül Hezretowanyň taýýarlan «Halk döredijiliginden peýdalanyp, okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmek» diýen mowzukda taýýarlan öňdebaryjy iş tejribesinden giňden peýdalanýarlar. Bu barada welaýat gazeti habar berýär.

Kerki şäheriniň Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebinden uçurym bolan Sonagül mugallym häzirki wagtda etrapda öz işine ussat mugallym hökmünde tanalýar. Ol etrabyň başlangyç synp mugallymlarynyň usuly birleşmesine hem ýolbaşçylyk edýär. Mugallymlaryň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly maslahatlarynda özüniň iş tejribesi barada nutuklar bilen çykyş edip durýar. Onuň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barmak büküp sanardan kän.

Geçen okuw ýylynda Sonagül mugallymyň okadýan okuwçylary Sewinç Suhrabowa «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň, Perman Amangeldiýew «Merdana nesil» bäsleşiginiň etrap tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: