MEDENIÝET

Köýtendagly medeniýet işgäri «Köýten nalasyny» sahna eserine öwürdi

Köýtendag etrabynyň Megejik obasynda döredijilik ýoluna başlan Gunduz Abdynazarowa ýaşlyk döwründen aýdym-saz sungatyna höwes bildirip, welaýat we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde çykyş eden sungat işgäridir. Ol 1976-njy ýylda Aşgabatdaky medeni aň-bilim tehnikumynyň drama bölümine okuwa girip, soňabaka obasynyň medeniýet öýüniň direktory bolup işleýär. Bu döwürde «Gülýar» folklor toparyny döredip, baýramçylyk çärelerinde çykyşlary bilen tanalýar. Şeýle hem «Köýten nalasy», «Jynly çäýnek», «Gelinleriň gozgalaňy» ýaly birnäçe eserleri höwesjeň artistleriň gatnaşmagynda sahnalaşdyryp, welaýat bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolan çykyşlary taýýarlapdyr.
1986-njy ýyldan bäri Magdanly şäher medeniýet merkezinde çeper ýolbaşçy we režissýor bolup işleýän Gunduz Abdynazarowa çagalar hem ulular üçin dürli aýdymlary döreden kompozitor hökmünde hem tanalýar. Onuň ýolbaşçylygyny edýän höwesjeň drama topary dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara eýe bolupdyr. Şägirtlerinden Bibijemal Joraýewa «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde, Bibisähet Haýytmuradowa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolupdyr. Gunduz Abdynazarowa 2018-nji ýylda «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomy bilen sylaglanypdyr.