Köýtendagly daýhan zenan toprakdan bol hasyl alýar
Gülşirin Saidowa hem ilkinjileriň hatarynda Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň çäginde 101 gektar ýeri 99 ýyla çenli uzakmöhletleýin peýdalanmaga alyp, eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Onuň bugdaýdan, gowaçadan bol hasyl almakda baý iş tejribesi bar. 15 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýan zenan ekerançylygyň inçe syrlaryny gaýynenesi Ogulbaýram Rozykulowadan öwrenendigini tekrarlaýar.
— 2020-nji ýylda uzakmöhletleýin ýer bölegini peýdalanmaga alyp, ýylyň-ýylyna bugdaýdyr gowaçadan bol hasyl alyp gelýärin. Geçen 2024-nji ýylda 77,40 gektar meýdana bugdaý dänesini sepip, 147,1 tonnanyň deregine 254 tonnadan gowrak galla tabşyrmagyň hötdesinden geldim.
Şeýle-de geçen oba hojalyk ýylynda gowaça tohumy ekilen 19 gektar meýdandan 44,300 tonna «ak altyn» tabşyryp, bellenilen meýilnamany 129 göterim berjaý etdim.
Geçen güýzde 65 gektar meýdana bugdaýyň «Alekseiç» görnüşini ekdik. Häzirki wagtda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar — diýip, ol welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berýär.
Gülşiriniň agzybir, zähmetsöýer maşgalasy bar. Onuň her oba hojalyk möwsümini üstünlikli
jemlemeginde ýanýoldaşy Ylýas Nurgeldiýewiň, ogullary Eziz, Serdar, Allanur dagynyň uly goldawy bar. Maşgalanyň özünde kämil traktoryň bolmagy ýerlere edilýän idegiň öz wagtynda geçirilmegine ýardam edýär.
— Bagbançylyk bilen hem meşgullanýarys. Biz 3,60 gektar meýdana alma agaçlaryny ekdik, şeýle-de belli bir möçberde armyt, şetdaly nahallaryny oturtdyk. Geçen oba hojalyk ýylynda alma bagymyzdan gowy hasyl aldyk. Azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmeginde öz goşandymyzyň bardygyna buýsanýarys — diýip, hususy önüm öndüriji öz ýürek joşgunyny beýan etdi.