Köýtendagly daýhan zenan 100 gektar ýerden ýokary hasyl alýar
Köýtendag etrabynyň Ters geňeşliginiň ýaşaýjysy Enargül Ersaryýewa 2021-nji ýylda geňeşligiň çäginde özüne berkidilen 99,17 gektar ýerden her ýyl ýokary hasyl alýar.
Daýhan zenan ilkinji ýyl ýeriniň 42 gektaryna bugdaý, 42 gektaryna gowaça, galan bölegine-de şalydyr mäş ekdi. Enargül şol ýyl döwlete 72,7 tonna derek 98 tonnadan geçirip, azyklyk däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Ol şol ýyl gowaçadan hem meýilnamada görkezilen 75,6 tonna derek 105 tonnadan aşyryp, ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldi. Şalydyr mäş ýaly ekinleriniň hasyly hem ýokary boldy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçiniň oba hojalyk ekinlerini ekip, önümçilik baradaky meýilnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.
Tamamlanyp barýan ýyl onuň üçin has-da ýatdagalyjy boldy. Bu ýylda onuň daýhançylyk tejribesi öňküsinden görnetin baýlaşdy. Munuň şeýledigini Enargül Ersaryýewanyň üstümizdäki ýylda gazanan ýokary zähmet netijeleri hem aýdyň görkezýär. Ol 42 gektar ýere eken bugdaýyndan meýilnamada görkezilen 71,40 tonna derek 109 tonna hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamasyny artygy bilen berjaý etmegi başardy. Bugdaý hasylyndan boşan ýeriniň 10 gektaryna aralyk ekin bolan şaly, 2 gektaryna bolsa mäş ekip ýetişdirip, saçaklarymyzyň berekedine bereket goşdy. Onuň şu ýylyň baharynda eýelik edýän ýeriniň 42 gektar ýerine eken gowaçasy hem bereketli hasyl eçildi. Has anygy, kärendeçi zenan meýilnamada görkezilen 75,6 tonna derek 130 tonnadan gowrak «ak altyny» döwlet harmanyna tabşyrdy.