YKDYSADYÝET

Köýtendagly daýhan obahojalyk ekinlerinden ýokary hasyl ýetişdirýär

Köýtendagly Taşbek Adylow ökde kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Orta mekdebi tamamlan dessine kakasy Aknazaryň daýhançylyk kesbini ýöredip başlady. Şondan bäri geçen on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda ol bugdaý, gowaça, şaly ýaly oba hojalyk ekinlerini ekip, olardan ýokary hasyl ýetişdirmegi öwrendi. Taşbek etrabyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň çägindäki 5 gektar çemesi ýerinde köp ýyllaryň dowamynda gowaçadyr bugdaýy gezekleşdirip ekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl aldy.

99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýerde daýhan ýigit her ýyl bugdaý we gowaça ekinlerinden bol hasyl ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip ugraýar.

Gowaça eken 7,5 gektar meýdanyndan hem bol hasyl ýygnamagy maksat edinýär. Onuň daşyndan bugdaýdan boşan 7,5 gektar meýdanyna eken şalysyna hem ideg edýär.