Köýtendagly bagban tejribesini kärdeşleri bilen paýlaşýar
Narbaý Hamidow Köýtendag etrabynda tejribeli bagbanlaryň biri hasaplanylýar. Ol 1993-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini üstünlikli tamamlap, agronomçylyk hünärini ele aldy. Geçen ýyllarda öz saýlap alan ugrundan dürli wezipelerde abraý bilen zähmet çekdi.
Tejribeli bagban üç-dört ýyllykda Köýtendag geňeşliginiň çäginde, dag eteginde bagçylyk işini alyp barmak üçin 2 gektar ýer böleginiň eýesi boldy. Häzir ol öz serişdeleriniň hasabyna MTZ-80 kysymly traktory, ZIL-130, WOLWO kysymly ýük awtoulaglaryny edinipdir. Ol bagyna alma, erik, armyt, çereşnýa ýaly miweli daragtlaryň hasyly irki, aralyk we giçki ýetişýän görnüşlerini oturdypdyr. Şeýle çemeleşme datly nygmatlaryň möwsümiň bütin dowamynda ýetişip durmagyna ýardam edýär. Munuň özi hasyly ýerleşdirmek meselesini netijeli çözmäge-de mümkinçilik berýär.