Köýtendag kän müdirliginde önümçiligi üpjün etmek üçin çig mal karýer daş hojalygyndan hem-de çagyl-çäge garyndysy alynýan daş käninden alnyp çykarylýar. Önümçilik bölümlerinde kuwwatly enjamlar oturdylyp, işler sazlaşykly alnyp barylýar.
Müdirlikde 4 sany ekskawator, 2 sany buldozer, ýük göterijiligi uly bolan «Kamaz» kysymly 14 awtoulag, «MAZ» kysymly 12 awtoulag hem-de 8 sany ýükleýji bar. Şeýle hem önümçilikde konweýer liniýalary we kebşirleýiş enjamlary ulanylýar. Tehnikalara tejribeli hünärmenler hyzmat edýär.
Köýtendagdaky önümçilikde döwrebap tehnikalardan peýdalanylýar
27
Dec
