1997-nji ýylda işe girizilen Köýtendag etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýurduň dürli künjeklerinden, daşary ýurtlardan Köýtendagyň täsinliklerini synlamaga, sapaly goýnunda dynç almaga gelýän myhmanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Köýtendagyň tebigy täsinliklerini, Jeýhun derýasynyň sag kenarynyň taryhyny, sebitiň ilatyna mahsus däp-dessurlaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmek bu muzeýiň işgärleriniň baş maksadydyr. Bu ýerde etnografiýa, arheologiýa hem-de tebigat bölümleri hereket edýär. Muzeýiň arheologiýa bölüminde Amyderýanyň sag kenarynda ýaşaýan ilatyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhyny, medeniýetini, ýaşaýyş-durmuşyny, däp-dessuryny, milli mirasyny açyp görkezýän taryhy tapyndylar görkezilýär. Muzeýiň etnografiýa bölüminde bolsa halkymyzyň gadymy ýaşaýyş-durmuşyny, edim-gylymlaryny özünde jemleýän, inçeden sünnälenilip ýasalan amaly-haşam işleri, maddy we medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Muzeýiň tebigat bölüminde Köýtendag tebigy döwlet goraghanasynda goralýan ösümlikler, haýwanlar, mineral daşlar hem-de sebitiň beýleki täsinlikleri görkezilýär.
— Häzirki wagtda muzeýimizdäki gymmatlyklaryň sany 6115-e ýetdi. Olaryň 4105-si esasy, 2010-sy bolsa kömekçi gaznamyzyň gymmatlyklarydyr. Biz häzirki wagtda hem sebitiň geçmişine, etnografiýasyna, tebigatyna degişli maglumatlary, tapyndylary gözlemekligi dowam etdirýäris — diýip, muzeýiň direktory Işkuwat Abdynazarow welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.
Köýtendagdaky muzeýde gymmatlyklaryň 6 müňden gowragy saklanylýar

16
Jan