BILIM

Köýtendagdaky mekdepde okuwçylar bilen amaly sapak geçirildi

Köýtendag etrabynyň 47-nji orta mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň çäklerinde ýörite wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Okuwçylara ýol howpsuzlygy, ýol hereketiniň düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmak baradaky maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýerli wekili çykyş edip, ilkinji kömek boýunça düşündiriş berdi. Sapak mekdebiň howlusynda amaly okuw bilen jemlenip, oňa gatnaşan okuwçylar we mugallymlar döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işine hoşallyk bildirdiler.